Türkmenistan bilen Russiýanyň daşary işler ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

Türkmenistan bilen Russiýanyň daşary işler ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklara görülýän taýýarlygyň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edralarynyň ýolbaşçylary şu ýylda Türkmenistanda geçiriljek Altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seretdiler.

Ýene degişli makalalar

Wladimir Putin Altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
Gazagystanyň Prezidenti VI Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Aşgabada geldi
Bilermen VI Hazar sammitiniň diňe formallykdan ybaratdygyny aýdýar, täzelige garaşylmaýar
Bilermen VI Hazar sammitiniň diňe formallykdan ybaratdygyny aýdýar, täzelige garaşylmaýar
Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi