Türkmenistan bilen Şweýsariýa resmi adamlar üçin wiza talaplary ýatyrmagy ylalaşdylar

Türkmenistan bilen Şweýsariýa resmi adamlar üçin wiza talaplary ýatyrmagy ylalaşdylar

Türkmenistan bilen Şweýsariýa penşenbe güni Aşgabatda diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, degişli resminama Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli (bolýan ýeri Baku şäheri) bilen duşuşygynyň dowamynda kabul edildi.

Gepleşikleriň netijesinde şeýle hem Türkmenistanyň çäginde rugsatsyz ýaşaýan adamlaryň readmissiýasy hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny hem maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşy
Maýa goýum forumy — uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüş üçin möhüm meýdança
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY