Türkmenistan bilen Täjigistan ikitaraplaýyn söwdany ýokarlandyrmagyň ugrunda işleýär

Türkmenistan bilen Täjigistan ikitaraplaýyn söwdany ýokarlandyrmagyň ugrunda işleýär

Ýokary derejeli türkmen-täjik wekiliýetleri çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyny hem-de Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň guramaçylyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler ýolbaşçylyk etdi.

Juma Daler öz çykyşynda 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ýokarlanandygyny we şu ýyl hem artmagyny dowam edýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Maslahatyň dowamynda taraplar eksport-import amallarynyň gowulandyrylmagy, özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň göwrüminiň artdyrylmagy bilen birlikde maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine itergi berýän şertleriň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda himiýa, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryna seredilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň 2022-nji ýylyň 4-nji çärýeginde Aşgabat şäherinde geçirilmegi teklip edildi.

Bilelikdäki hökümetara toparynyň 10-njy mejlisi geçen ýylyň 28-nji iýulda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda AÖB-niň Türkmenistan üçin Strategiýasy maslahatlaşyldy
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrligine täze ýolbaşçy belledi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
OGT 2022: 2-nji gün — Gaz himiýasy, wodorod ýangyjy we arassa energiýa
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler
Türkmenistanyň oba ýerlerinde 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy