Türkmenistan bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryndaky hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

9-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Bu resminama Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa we ÝUNESKO-nyň bilim tehnologiýalary institutynyň müdiri Tao Çžan gol çekdiler.

Resminamada bilim ulgamynda ösen maglumat tehnologiýalaryny ulanmak we tejribe toplamak boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary hödürlenýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
Türkmenistan we ÝUNESKO maglumat tehnologiýalary boýunça bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk eder
Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi bilen duşuşdy
Eýran Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýändigi hakyndaky Ähtnama gol çekdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-NYŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞMAK ÜÇIN SAMARKANDA BARDY
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy