Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Bal baýramy sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar

Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Bal baýramy sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar

Türkmenistanly işewürler Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Bal baýramy atly sergi-ýarmarka gatnaşýarlar. Özbegistanyň Söwda-senagat palatasynyň gurmagynda geçirilýän bu gözden geçiriliş 10-njy dekabra çenli dowam eder diýip, uza.uz habar berýär.

Sergi-ýarmarka Özbegistanyň bal önümçiligine ýöriteleşen 350-den gowrak önüm öndürijileri, şeýle-de Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Türkiýe ýaly ýurtlardan bu ugruň abraýly wekilleri gatnaşýarlar.

Bal baýramy atly sergi-ýarmarkanyň çäginde Özbegistanda öndürilen bal önümleriniň söwda ýarmarkasy hem guralar. Şeýle-de balaryçylaryň arasynda tejribe alyşmak we olaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin tassyklanan maksatnama esasynda okuw maslahatlary geçiriler. Şol bir wagtyň özünde Özbegistanda we beýleki ýurtlarda balaryçylyk pudagynda ulanylýan ösen tehnologiýalar, enjamlar we weterinariýa dermanlary tanyşdyrylar.

Ýene degişli makalalar

Balkanda býujetçiler migrant garyndaşlary sebäpli basyşa sezewar bolýar, lebaplylar Russiýa goýberilmeýär
Türkmenabatda “Made in Uzbekistan” atly sergi açyldy
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
Täjigistanda we Özbegistanda bilim alan daşoguzlylar MHM tarapyndan soraga çekilýär, olaryň sakgaly syrdyrylýar
Özbek awiakompaniýasynyň uçary Türkmenistanda gyssanmaç gonmaly boldy
Daşkentde Halkara Türk döwletleri uniwersiteti açylar