Türkmenistan Denizli şäherinde türk işewürlerini maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan Denizli şäherinde türk işewürlerini maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkiýäniň 100-den gowrak kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hususy pudagyň wekilleri Denizli şäherinde geçirilen türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşdylar hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Forum 11-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Denizli söwda-senagat palatalary we haryt biržalary birleşiginiň binasynda guraldy. Çäräde türk işewürleri türkmen ykdysadyýetinde ileri tutulýan maýa goýum ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Forumyň dowamynda halkara söwda ulgamynda birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmek syýasatynyň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şeýle hem gatnaşyjylara hususy pudagy goldamak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we işewürligi alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada maglumat berildi.

Taraplar türk maýa goýumlaryny nebitgaz-himiýa senagatyna, agrosenagat toplumyna, ulag-logistika pudagyna, şeýle hem telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ugurlaryna çekmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan gysga wideo-rolik görkezildi. Şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa we ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň işjeň alnyp barylýandygy nygtaldy.

“nCa” neşiriniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýewiň amala aşyran saparynda Denizli welaýatynyň gubernatory Ýawuz Selim Köşger, Denizli şäher häkimliginiň başlygy Bülent Nuri Çawuşoglu hem-de Pamukkale uniwersitetiniň rektory Mahmut Güngör bilen duşuşyklar geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda bilim, medeniýet, ynsanperwer ylymlar, söwda we maýa goýumlar ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem türkmen-türk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY
Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi