Türkmenistan Eýrandan ABŞ-nyň 100 raýatynyň öz serhedinden geçmegini tassyklamady - The Washington Post

Türkmenistan Eýrandan ABŞ-nyň 100 raýatynyň öz serhedinden geçmegini tassyklamady - The Washington Post

Ysraýylyň Eýranyň ýadro we harby nyşanalaryna garşy zarbalaryny dowam etdirmegi bilen, Türkmenistan özüniň günorta goňşusyndan çykmak isleýän ABŞ-nyň 100-den hem aşa raýatynyň serhetden geçmek baradaky Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň arzalaryny tassyklamady. Bu barada The Washington Post neşiri edinen diplomatik kabellerine salgylanyp habar berýär.

20-nji iýundaky maglumatda Döwlet departamenti Eýrandan çykmak üçin ABŞ raýatlaryna başga ugurlary gözlemegi maslahat berýändigi hem bellenilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 18-nji iýunda ýaýradan beýanatynda ýurduň Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýändigini belläpdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy we hökümetçi onlaýn neşirleri, Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurduň “..ynsanperwerlik, halkara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygyny” yzygiderli öňe sürýär.

Emma ýurduň serhedinden geçmegine rugsat berilmedik ABŞ-nyň raýatlary barada maglumat bermeýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen hökümetiniň goňşy Eýrandaky hüjümler barada dymmagy ilatda howatyrlanma döredýär
Türkmenistanlylar, Eýran aladalarynyň arasynda, hereket azatlygy meselesini gozgaýarlar
ABŞ we Ukraina minerallar ylalaşygynyň şertleri boýunça ylalaşdy
Elektron wizalar, Türkiýede durmuş guran aýallara ýurtdan çykmaga rugsat berilmegi oňyn ädim synçy
Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi
Emeli gözelleriň bäsleşigi