Türkmenistan gaz geçirijileriniň gurluşygy üçin Russiýanyň şirketlerinden harytlar satyn alar

Türkmenistan gaz geçirijileriniň gurluşygy üçin Russiýanyň şirketlerinden harytlar satyn alar

21-nji maýda geçen hökümet mejlisinde nebit-gaz pudagy boýunça wise-premýer Şahym Awdyrahmanow tiz wagtda täze ýataklary özleşdirmek we burawlaýjy desgalary gurmak arkaly nebit-gazyň öndürilişini ösdürmek boýunça edilýän işler bilen ilteşikli hasabat berdi.

Bu barada TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Çinownik “Türkmengaz” döwlet edarasynyň gaz geçirijiler üçin ulanyljak dürli turba harytlaryny şol sanda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda guruljak gazturbina elektrik stansiýasy üçin satyn almak baradaky kararyň taslamasyny hödürledi.

Prezident bu baradaky karara gol goýup, “Türkmengazyň” Russiýanyň “Turba metallurgiýa şirketi” we Şweýsariýanyň “GAZPROM Schweiz AG” şirketi bilen ylalaşyga gol goýmagyna rugsat berdi.

Bellesek, 22-nji ýanwardaky hökümet maslahatynda premýer-ministriň gurluşyk senagaty boýunça orunbasary Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna çenli näçe sany desganyň tabşyryljakdygyny habar beripdi.

Olara Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýän 432 megawatlyk gazturbina elektrik stansiýasy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijiniň türkmen tarapyna degişli bölegi girýär.

The post Türkmenistan gaz geçirijileriniň gurluşygy üçin Russiýanyň şirketlerinden harytlar satyn alar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty $4,5 milliarddan geçdi
Berk menzil gurluşyk kärhanasy agrosenagat toplumyna zerur bolan önümleri öndürýär
Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrmagyň üstünde işleýär
Ýanwar-sentýabr: Hytaý $7,32 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi
Türkmennebit we Türkmengaz döwlet konsernleri​ daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe şertnama baglaşdylar
Gazak Nebiti Baku-Tiblisi-Jeýhan Turba Geçirijisi Arkaly Akdyrlar
Ýanwar-oktýabr: Hytaý $8,23 milliardlyk türkmen tebigy gazyny import etdi