Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edip başlady

Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edip başlady

Türkmenistan Gyrgyzystana awgust aýyndan elektrik energiýasyny eksport edip başlandygyny Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp “Sputnik” habarlar agentligi habar berýär.Gol çekilen şertnama laýyklykda 2021-nji ýylyň awgust-dekabr aýlary aralygynda Türkmenistan Gyrgyzystany 501,9 million kilowat sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder. 9-njy awgusta çenli Türkmenistan eýýäm 19,2 million kilowat sagat elektrik energiýasyny eksport etdi.Elektrik üpjünçiligi Özbegistanyň çäginden üstaşyr geçirilýär.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow güýz-gyş möwsüminde elektrik üpjünçiligi barada ylalaşdylar.Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrligi bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport kuwwatyny artdyrjak Lebap welaýatda 432 MWt-lyk gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmegine taýynlyk görülýär.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Tölegleri Milli Pul Birliginde Geçirdi
Merkezi Aziýa ýurtlarynda başdan geçirlen soňky wakalar
Gyrgyzstan Ermenistanyň Basyp Alyşlygyndan Halas Edilen Obada Mekdep Gurar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Ýewraziýa döwletlerinde başdan geçirlen soňky wakalar