Türkmenistan: Häkimiýetiň dymyşlygy we it öldürilmeginiň elhenç görnüşleri

Türkmenistan: Häkimiýetiň dymyşlygy we it öldürilmeginiň elhenç görnüşleri

Türkmenistanda it-pişikleriň köpçülikleýin tutulmagy we köçelerde öldürilmegi dowam edýär. Azatlygyň habarçylary haýwanlar babatyndaky zalymlygyň täze ýagdaýlaryny habar berýärler, haýwanlary goraýjylar we alada edýän raýatlar bolsa, itler üçin penahana gurmak üçin häkimiýetlerden rugsat sorap, ýüz tutmagyny dowam etdirýärler.

"Soňky demindäki it jan berýär - 3-nji kiçi etrapçanyň 30-njy jaýy. Adamlar öý haýwanlaryny özleri jaýlamaga synanyşýarlar. Aýallar we çagalar aglaýarlar, çagalar gije aglap çykýarlar "- diýip, Azatlygyň habarçysy Türkmenabatda soňky günlerde bolan wakalaryň biri barada gürrüň berýär.

Bu şäherde soňky günlerde itler we pişikler 3-nji etrapçada, hususan-da Gagarin köçesinde we "Himki" atly ýerde öldürildi. Şaýatlaryň sözlerine görä, haýwanlary rehimsiz tutmak bilen 11-nji öý dolandyryş edarasynyň işgärleri meşgullanypdyr. Şeýle hem şäherde itler içi awyly azyk bilen köpçülikleýin zäherlenipdir. Heläk edilen itleriň käbiri öýsüz bolman, olar howlularda ýaşaýardy.

Ýerli ýaşaýjylar haýwanlary, şol sanda ýaralananlary ölümden halas etmäge synanyşýarlar. "Bir aýal, haýwanlary tutmak boýunça çäreden soň tapan pişijigi ýerleşdirmek haýyşy bilen jaň etdi. Pişigiň bir gözi ýok, ikinjisi bolsa sallanyp dur" - diýip, habarçy Türkmenabatda bolan ýagdaýlaryň ýene biri barada habar berdi.

Bu wagt paýtagtda hem haýwanlara edilýän rehimsizlik barada habar berilýär. "Aşgabatda gözleri çykyp ölen pişikler köp. Bu adaty bir zada öwrülip barýar" - diýdi aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwist aýdýar.

Azatlyk Radiosyna soňky demindäki itleri görkezýän birnäçe wideo gowuşdy. Habarçymyzyň sözlerine görä, wideolar Türkmenabadyň ýaşaýjylary tarapyndan düşürilipdir.

Wideolaryň birinde ejir çekýän itiň şekilini we aýal sesini, beýlekisinde alabaý tohum itiniň geň ýöräp baryşyny synlap bolýar. Ýene bir wideoda it eýýäm öli ýatyr. Bu ýagdaý Ruhyýet administratiw binasynyň gapdalynda bolup geçýär. Beýleki bir wideoda, 11-nji jaý dolandyryş edarasynyň çäginde haltalara salnan itleriň jesetleri görkezilýär.

Garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" (TH) 6-7-nji martda Himik etrapçasynda ýaşaýjylaryň, şol sanda çagalaryň gözüniň öňünde 15 itiň ýok edilendigini, itleriň öldürilmeginiň Gagarin köçesinde hem-de "Wodniki" diýlip atlandyrylýan ýerde bolup geçendigini habar berdi.

Neşir öý dolandyryş we jemagat hyzmatlarynyň işgärleriniň itleri we güjükleri zäherländigini, olary demir taýak bilen ýenjendigini, şeýle-de 5-nji martda köçede ölen itleriň birnäçesiniň jesediniň ýakylandygyny habar berýär.

Şeýle hem, "TH" ýerli ýaşaýjylaryň munuň öňüni almaga synanyşýandyklaryny habar berýär: “Aktiwist Marina Zagreýewa idegsiz haýwanlaryň öldürilmegine garşy 75 gol ýygnady. Şeýle hem, itler üçin gaçybatalga döretmek teklibi bilen häkimliklere yzygiderli ýüzlenýär. Şeýle-de bolsa, administrasiýa işgärleri bolýan zatlara düşünmeýändiklerini ýa-da idegsiz itleriň şäherden zibil ýaly arassalanmaly diýip jogap berýärler".

Türkmenabadyň ýaşaýjylary alty aý bäri öýsüz haýwanlar üçin gaçybatalga guramakda kömek sorap ýerli häkimiýetlere ýüz tutýarlar. Ýerli administrasiýa aktiwistleriň birnäçe ýüzlenmesini kanagatlandyrmansoň, ýaşaýjylar haýwanlaryň gaçybatalgasyny guramak haýyşy bilen prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüz tutdular.

Azatlygyň habarçysy bu hatyň 6-njy martda Aşgabada eltilendigini habar berdi.

Ýatlatsak, geçen ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanuna gol çekdi. Täze kanun itlere rehimsizligi gadagan edýär.

Kanunyň 24-nji maddasyna laýyklykda, itlere rehimsizlik etmek, bilkastlaýyn öldürmek, olara şikes ýetirmek, ýa-da biperwaý garamagyň netijesinde itlere howp salmak ýa-da saglygyna uly zyýan ýetirmek ýaly zatlar bikanun hereketler diýlip kesgitlenýär. Şeýle-de bolsa, kanun kabul edileli bäri, itlere garşy dowam edýän zalymlygyň fonunda, gyrgynçylyga gatnaşanlaryň kazyýet işine çekilmegi bilen bagly ýekeje-de ýagdaý köpçülige mälim bolmady.

Häkimiýetler bu ýagdaý barada resmi taýdan düşündiriş, döwlet habar beriş serişdeleri bolsa habar bermeýän wagtynda idiňe bir idegsiz itler awlanmaýar. Azatlygyň habarçylary jemagat hyzmatlarynyň işgärleri tarapyndan eýeleri bilen köçede ýören itleriň hem zor bilen tutulandygyny, şeýle hem dükanlaryň öňünde daňylan we eýelerine garaşyp duran itleriň öldürendiklerini habar berdiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gaza Ýarylmadyk Bombalar Sebäpli Howply Etaby Başdan Geçirýär
Sudanda Ýük Uçary Heläkçilige Uçrady
Marynyň towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýar
Daşoguz-Lebap ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam, şol sanda dokuz aýlyk göwreli gelin heläk boldy
ABŞ-da Kiçi Uçar Heläkçilige Uçrady
Kolumbiýanyň Prezidenti heläkçilige uçran uçardan çagalary halas etmek boýunça çärä gatnaşanlary sylaglady