Türkmenistan halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip eder

Türkmenistan halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip eder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýetip gelýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri halkara hukuk ulgamydyr.Türkmenistan halkara hukugy we onuň ähmiýeti bilen baglylykda täze başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýle teklipleriň biri hökmünde 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy çykyş edýär.

Bu başlangyç BMG-niň Tertipnamasynyň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary dolandyrýan halkara kadalaryň ähmiýetini nygtaýar.Halkara hukugyň ýylyna taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň öňümizdäki Baş Assambleýanyň sessiýasynda öz çäginde halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek teklibini öňe sürmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar