Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň 5-nji dekabrda Tbiliside (Gruziýa) geçirilen mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew gatnaşdy. Onuň dowamynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, hususan-da, multimodal ýük daşamalaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Aset Asawbaýew we beýleki agzalar Türkmenistany Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesini guramak boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky halkara maksatnama goşulmagy bilen gutladylar.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça 2016 — 2026-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine we TRASEKA-nyň halkara şertnamalaryna goşulyşmagy bilen bagly işleriň barşyna, TRASEKA-nyň halkara awtomobil ýük daşamalary üçin rugsatlar ulgamynyň işiniň netijesine hem-de TRASEKA-nyň ugurlary boýunça amala aşyrylan ýük daşamalaryň 2022-nji ýyl üçin statistiki hasabatyna garaldy.

Şeýle hem duşuşygyň gün tertibine Demirýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy bilen TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamanyň taslamasy, TRASEKA-nyň Işewürlik geňeşiniň esasy düzgünleri bilen baglanyşykly meseleler, şol sanda TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň 17-nji mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy
Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr diplomatiýasy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.01.2021 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy