Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlaryny kabul etmäge taýýar

Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlaryny kabul etmäge taýýar

Türkmenistan ýokary derejeli halkara sport ýaryşlaryna diňe bir işjeň gatnaşmaga däl, eýsem, olary kabul etmäge hem taýýardyr. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatlarynyň Halkara harby sport geňeşiniň (HHSG) baş sekretary, kapitan Roberto Rekkýa bilen Brýussel şäherinde bolan duşuşygynda aýtdy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda harby sporty ösdürmek we HHSG-niň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Türkmen ilçisi öz ýurdunyň sporty içerki we daşarky syýasatynyň möhüm düzümi hökmünde garaýandygyny tassyklady.

Türkmenistanly türgenler HHSG-niň guraýan ýaryşlarynda oňyn netijeleri eýýäm görkezip gelýärler. Türkmenistan bu ýaryşlara gatnaşmagyny geljekde has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.

1948-nji ýylda esaslandyrylan Halkara harby sport geňeşi gerimi boýunça Halkara Olimpiýa Komitetinden we Halkara talyp sporty federasiýasyndan soň iň iri sport guramalaryň biridir. HHSG sport ýaryşlary arkaly parahatçylygy we dostlugy berkitmek maksady bilen dürli ýurtlaryň harby edaralaryny özüne birleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmen ilçisi Brýusselde sanlylaşdyrma boýunça bilermenler maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi
Türkmenistan we ÝB ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar