Türkmenistan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmetini pagta ýygmak işlerinde ulanmagy gadagan etdi

Türkmenistan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmetini pagta ýygmak işlerinde ulanmagy gadagan etdi

Türkmenistanda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň buýrugy bilen 18 ýaşa ýetmedikleriň zähmetiniň pagta ýygmakda ulanylmagy gadagan edildi.

Buýruga görä, ýetginjekler üçin gadagan edilen hünärleriň sanawyna iki sany täze wezipe goşuldy: Pagta ýygymçy we Pagtaçy.

Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň başynda tassyklanan degişli Sanawa üýtgeşmeler girizildi. Täze buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alyndy. Resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasaryna ynanylýar.

Ýene degişli makalalar

Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär
Diňle: Pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär, pul nagtlaşdyrmak kynlaşýar
Pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär, pul nagtlaşdyrmak kynlaşýar
Diňle: Pagtaçylykdaky mejbury zähmet 'gerimini giňeldýär'
Pagtaçylykdaky mejbury zähmet maýda, 'ýekeleme döwründen ulanylyp başlandy'
Daşoguz welaýatynda galla oragy guramaçylykly dowam edýär