Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumynda çykyş edip, foruma gatnaşyjylary köpçülikleýin habar beriş serişdelerini diňe döredijilikli maksatlar üçin ulanmaga çagyrdy.
Gahryman Arkadagymyz hormat goýmaga esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda maglumat dialogynyň möhüm ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň bu ugra Parahatçylyk we ynanyşmak, şeýle hem Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren Dialog parahatçylygyň kepili ählumumy derejeli başlangyjynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Köpçülikleýin habar serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr.Munuň üçin kiber jenaýatçylygyň hem-de metbugat giňişliginde göz-görtele ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňünde berk böwet goýulmalydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
