Türkmenistan Legatum Prosperity Index reýtinginde dünýä boýunça 24-nji basgançakdan ýer aldy

Türkmenistan Legatum Prosperity Index reýtinginde dünýä boýunça 24-nji basgançakdan ýer aldy

Türkmenistan Beýik Britaniýanyň Legatum Instituty tarapyndan her ýylda yglan edilýän Legatum Prosperity Index reýtinginiň 2023-nji ýylda çap edilen sanawynda jemgyýetiň özara aragatnaşygy ýa-da jemgyýetçilik maýa goýumy ugry boýunça Merkezi Aziýanyň hem-de GDA-nyň iň öňdebaryjy döwleti boldy.

Täzelenen reýtingde Türkmenistan jemgyýetiň özara aragatnaşygy ugry boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda 24-nji basgançakdan ýer aldy.Reýtingiň degişli ugrunda Türkmenistandan bir basgançak öňde Belgiýa, bir basgançak yzda bolsa Kosta-Rika ýaly ýurtlaryň ady getirilipdir.

Aýratyn bellenilmeli tarapy Türkmenistan 2023-nj ýylda Legatum Prosperity Index reýtinginiň jemgyýetiň özara aragatnaşygy ugry boýunça GDA agza ýurtlaryň arasynda iň ýokary görkezijä eýe boldy.Degişli sanawda Türkmenistandan soňra GDA agza ýurtlardan Özbegistan 46-njy, Täjigistan 52-nji, Russiýa Federasiýasy 54-nji, Moldowa 72-nji, Gyrgyzystan 100-nji, Gazagystan 108-nji, Ermenistan 125-nji, Azerbaýjan 132-nji we Belarus Respublikasy 134-nji ýerlerde ornaşypdyrlar. Şeýle-de Türkmenistan reýtingiň jemgyýetiň özara aragatnaşygy ugry boýunça Uly ýedilige girýän döwletler bolan Italiýadan (41-nji orun), Fransiýadan (43-nji orun) we Ýaponiýadan (143-nji orun) ýokarda orun aldy.

Legatum Prosperity Index reýtinginiň jemgyýetiň özara aragatnaşygy ugry boýunça dünýäniň ilkinji bäşliginde Daniýa (1-nji orun), Täze Zelandiýa (2-nji orun), Norwegiýa (3-nji orun), Şwesiýa (4-nji orun) hem-de Islandiýa (5-nji orun) ýaly ýurtlaryň adyna duşmak bolýar.

Sanawyň soňky üçlüginde bolsa Liwan (165-nji orun), Owganystan (166-njy orun) hem-de Siriýa (167-nji orun) döwletleri ýer alypdyrlar.

Jemgyýetiň özara aragatnaşygy ýa-da jemgyýetçilik maýa goýumy jemgyýeti öwreniş, ykdysadyýet we syýasaty öwreniş ylymlarynda ulanylýan adalga bolup, ol jemgyýetdäki özara gatnaşyklaryň derejesini (mysal üçin, bir adamyň nätanyş birine kömek etmek ähtimallygy) kesgitleýär. Netijede bu düşünje jemgyýetçilik häsiýetnamasyna esaslanyp, belli bir ýurtda ýaşaýyşyň hilini kesgitlemekde giňden peýdalanylýar.

Ýeri gelende bellesek, jemi 12 ugry öz içine alýan Legatum Prosperity Index reýtinginiň 2023-nji ýylda çap edilen sanawynda Türkmenistan saglygy goraýyş babatda 54-nji, howpsuzlyk babatda 66-njy, ýaşaýyş şertleri babatda 66-njy, bilim babatda 66-njy hem-de ykdysadyýet babatda 67-nji orunlary eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Haýyr-sahawat indeksi-2023 boýunça Türkmenistan dünýäniň ýigrimi ýurdunyň arasynda
Türkmenistan Merkezi Aziýada iň arassa howaly döwlet diýlip ykrar edildi
Bezos BBI reýtinginde hem birinji orna dolandy
Dünýäniň iň gowy kiçi şäheri
Bloomberg: Ilon Maskyň baýlygy 200 milliard dollardan geçdi
Milliarderler hem ýitgi çekýär