Türkmenistan MTS-iň şikaýatlaryndan gorajak aklawçysyny kesgitledi

Sermaýa jedellerini çözmek baradaky halkara merkezinde (ICSID — International Centre for Settlement of Investment Disputes) Türkmenistany aklawçy Miriam Harwud (Miriam Harwood) gorar.

Häzirki pursatda ICSID Türkmenistana garşy bäş şikaýaty hasaba aldy. Şikaýatçylaryň arasynda Orsýetiň MTS mobil operatory hem bolup, ol Türkmenistandan ýygylyklary ulanmak ygtyýarnamasyny uzaltmakdan ýüz öwrülenden soň çeken $750 million zyýanynyň tölenmegini, Germaniýanyň “Unionmatex Industrieanlagen GmbH” kompaniýasy azyndan 32 million ýewro, üstesine onuň prosentlerini talap edýär.

Türkiýäniň SECE İnşaat ve Ticaret A.Ş., Lotus Holding Anonim Şirketi we Muhammet Ҫap & Bankrupt Sehil Inşaat Endustri ve Ticaret Ltd.Sti.firmalary hem öz çeken zyýanlaryny töletmäge çalyşýar.

Şeýle-de, Belrusyň “Belgorhimpromy” Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy boýunça tölenmedik pullary bilen baglylykda suda ýüz tutmak haýbatyny atýar.

Häzirki bäş işden başga, Türkmenistan ýene alty şikaýat işi bilen baglylykda jogap beriji hökmünde çykyş etdi:

• 2017-nji ýylda Türkiýäniň Görkem Inşaat Sanayi ve Ticaret Limited Şirketi kompaniýasynyň şikaýatlary boýunça açylan iş ýapyldy. Işiň materiallarynda aýdylmagyna görä, taraplar sud tamamlanmazyndan öz ylalaşyga geldi.

• 2012-nji ýylda taraplaryň özara ylalaşygy boýunça MTS-iň Türkmenistana garşy ilkinji şikaýat işi ýapyldy. Ýatladýarys, “MTS-Türkmenistan” 2010-njy ýylda hem Türkmenistandaky işini togtatmaga mejbur bolupdy.

Sebäbi Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi onuň ygtyýarnamasynyň hereketini duruzdy.Iki ýyllyk düşünişmeden soň, rus kompaniýasynyň türkmen bölüminiň arassa girdejisiniň 30 prosentini “Türkmentelekoma” bermek şerti bilen, MTS öz işini dikeltdi. Şol bir wagtda ygtyýarnama diňe 3G aragatnaşyk standarty üçin uzaldyldy.

• 2016-njy ýylda, bäş ýyllyk seljermelerden soň, ICSID Türkmenistany Türkiýäniň Garanti Koza LLP gurluşyk kompaniýasyna $2,526,900 diýip kesgitlenen zyýany, şeýle-de $362,500 sud harajatlaryny tölemäge borçly etdi.

• 2016-njy ýylda, işe alty ýyllap seredileninden soň, Türkmenistan Türkiýäniň İçkale İnşaat Limited Şirketi atly gurluşyk kompaniýasyna garşy işde ýeňiji boldy.

• 2013-nji ýylda ICSID Kılıç İnşaat İthalat İhracat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketiniň şikaýatyna seretmekden boýun gaçyrdy, sebäbi sudýalar hökümetara şertnamalaryna laýyklykda, arbitraža ýüz tutmazdan öň, işe başda ýerli türkmen sudunda seretmeli diýen karara geldiler, ýogsa ICSID ozal hut şeýle ýagdaýlarda Garanti Koza LLP gurluşyk kompaniýasynyň işine seredipdi.

• 2014-nji ýylda 90-njy ýyllaryň aýagynda Aşgabadyň eteginde guran guş fermasy elinden alnan “Adem Dogan” german firmasy Türkmenistana garşy işde ýeňiş gazandy. Tölenen kompensasiýanyň möçberi aýdylmady.

Wikiniň maglumaty: ICSID-iň maksady taraplaryň halkara sermaýa jedellerinde düşünişmegi üçin hukuk mümkinçilikleri we arbitraž posedurasy bilen üpjün etmek bolup durýar.

Merkez hususy sermaýalaryň ýolundaky ykdysady däl päsgelçilikleri aradan aýyrmaga çalyşýar we döwletler hem-de hususy maýadarlar arasynda dörän dawalary çözmekde abraýly halkara arbitraž edarasy hasaplanylýar (halkara sermaýa arbitražy).

Ýene degişli makalalar

MTS bilen bagly dawada Türkmenistany gorap çykyş etjek aklawçy kesgitlendi
Türkmenistanyň üstünden ýene iki daşary ýurt kompaniýasy maýa goýum şikaýatyny etdi
Türkmenistan türk kompaniýasy bilen kazyýet işinde 500 million dollar utdy
Intellinews: MTS Türkmenistandaky goşlaryny ýygnap, ýurtdan çykýar
Türkmenistan bilen Sehil türk kompaniýasynyň maýa goýum dawasy boýunça gutarnykly çözgüt kabul edildi
Squire Patton Boggs şirketi maliýe dawalar boýunça sudda Türkmenistany üstünlikli gorandygyny habar berýär