Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

Owganystana ulgamlaýyn ýardam etmekligi göz öňünde tutýan, şu ýylyň fewral aýynda kabul edilen ýörite maksatnamanyň çäginde, Türkmenistan nobatdaky gezek goňşy ýurda azyk harytlary, lukmançylyk serişdeleri, dokma we hojalyk harytlary görnüşinde ynsanperwerlik kömegini iberer. Bu barada ORIENT habar berýär.

Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti 24-nji noýabrda gol çekdi.Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Dokma senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen bilelikde derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň, azyk harytlarynyň, dokma önümleriniň we hojalyk maksatly beýleki önümleriň iberilmegini üpjün etmeklik tabşyryldy.

Bu dostlukly kömek ýurdumyzyň Baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp amala aşyrylar.Ynsanperwer kömegiň iberilmegini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi gurar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da sişenbe güni $53,3 millionlyk ulag benzini satyldy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Aýdymçynyň prezidente täç geýdirmek baradaky teklibi halkda köp sorag döredýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Penşenbe güni TDHÇMB-niň söwdalarynda dokma önümlerine uly isleg bildirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi