Türkmenistan Pakistanda geçiriljek halkara AgriTech konferensiýasyna gatnaşar

28-nji awgustda Karaçide (Pakistan) Türkmenistanyň hem ýene 12 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda AgriTech: Feeding the Future atly halkara konferensiýa we sergisi geçiriler. Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasy we Yslam söwda we ösüş palatasy (ICCD) tarapyndan guralýan çäre oba hojalygy, syýahatçylyk, senagat we tehnologiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Maslahat “Aziýanyň iň gowy telekeçiligi” (BOE, Asia) atly yzygiderli geçirilýän çäreleriň bir bölegi bolup, gatnaşyjy ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň özara gatnaşyklary üçin meýdança döretmegi maksat edinýär. Türkmenistandan başga-da çärä Owganystan, Azerbaýjan, Bruneý, Indoneziýa, Eýran, Malaýziýa, Tailand, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahat Karaçiniň Ekspomerkezinde geçiriler we sebitde agrotehnikany ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, iş gatnaşyklaryny ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolar.

Guramaçylar çäräniň gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyna we agro-senagat pudagynda innowasiýalary höweslendirmegine garaşýarlar.

Türkmen telekeçilerine bu möhüm halkara çäresine gatnaşmaga mümkinçilik berilýär, bu bolsa agrotehnologiýalar pudagynda iş ösdürmek we hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açyp biler.

Çeşme: tstb.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Türkmen telekeçileri Pakistandaky AgriTech halkara konferensiýa we sergä gatnaşarlar
Peruda APEC-iň sammiti geçirildi
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Iň uly erkin söwda zolagy dörediler
Aziýa Ýuwaş umman ýurtlary dünýädäki iň uly erkin söwda şertnamasyna gol çekdiler