Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ulgamynda ähliumumy dolandyryş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ulgamynda ähliumumy dolandyryş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy

2026-njy ýylyň 1112-nji iýuny aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň, diplomatlaryň we abraýly bilermenleri jemlän Adam hukuklary ulgamynda ähliumumy dolandyryş boýunça ýokary derejeli forum geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň Metbugat kanselýariýasy tarapyndan Hytaýyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurnalan çärä Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew gatnaşdy.

Forumyň iki günlük gün tertibi Bilelikde ösmek we hemmeler üçin elýeterli adam hukuklary: Ösüş hukugy hakyndaky Jarnamanyň kabul edilmeginiň 40 ýyllygy we adam hukuklarynyň ähliumumy dolandyrylyşyna täzeçe garaýyş diýen tema gönükdirildi. Ýokary derejeli duşuşyk dünýäniň 100-den gowrak döwletinden we iri halkara gurmalaryndan, şol sanda BMG-den 400-den gowrak wekili bir ýere ýygnady. Ýaşyl ösüş we adam hukuklaryny goramak diýen ýöriteleşdirilen mejlisiň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Çykyşda Türkmenistanyň özüniň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine berk eýerip, Ösüş arkaly parahatçylyk diýen düýpli daşary syýasy ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýändigi aýratyn bellenildi.

Bu döredijilikli strategiýa ýurduň ekologiýa başlangyçlarynda özüniň amaly beýanyny tapýar, bu ýerde daşky gurşawy goramak we tebigatdan oňat peýdalanmak durnukly ösüşi üpjün etmegiň hem-de adam hukuklaryny goramagyň binýady bolup durýar.

Mejlisleriň gatnaşyjylary ekologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak we adam hukuklaryny goramak ýaly ählumumy gymmatlyklara ygrarlylygyň global parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň täsirli guraly bolup durýandygy barada umumy pikire geldiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistan bilen Hytaý energetika bilmi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistan teleýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi