Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar

Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde suw joşmasyndan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini iberdi.Primorskiý kraýda güýçli ýagyş we suw joşmalary sebäpli 65 sany ilatly nokat ejir çekdi.

Bäş müňden gowrak ýaşaýyş jaýyny we 7,4 müň mellek meýdanyny suw basdy.Ozal habar berlişi ýaly, golaýda Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Dokma senagaty ministrligi we ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarladylar.

2.Astrahan Magtymguly Pyragy baradaky filmi surata düşürmek üçin indiki hepdede Aşgabatdan geljek kinematograflar toparyny kabul etmäge taýýarlanýar.Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Bilbil Babaýewa bilen geçirilen duşuşykda Aşgabatdan geljek kinematograflary topary üçin Funtowo obasyna baryp görmegi we oba ýaşululary bilen gürrüňdeş bolmagy öz içine alýan giň maksatnamanyň taýýarlanandygyny belledi. Şeýle hem W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde we başga-da birnäçe desgalarda surata düşürmek işleri geçiriler.

3. 26-njy awgustdan Bagyr — Altyn asyr gündogar bazary aralygynda hereket edýän 68-nji awtobus ugry üýtgediler. Bu barada Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

4.Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Türkmenistandan nebitgaz pudagynyň önümleriniň eksportynyň möçberlerini işjeň ýagdaýda artdyrýar.Portdan iberilýän esasy ýükler himiýa önümleri, hususan-da, polipropilen.Ol Hazar deňziniň kenaryndaky ýörite terminal arkaly daşalýar.

Himiýa önümleriniň esasy importýorlary Türkiýe we Russiýadyr.Portuň infrastruktura düzümi parom, ýolagçy we konteýner terminallaryny, şeýle hem gämi gurluşyk we abatlaýyş desgalaryny öz içine alýar. Şol bir wagtyň özünde, ekologiýa abadançylygyna aýratyn üns berilýär ähli desgalarda hapa suwlary arassalamak üçin döwrebap enjamlar oturdylandyr.

Işewürlik habarlary

5.Mahabat Hyzmaty dizaýn we polografiýa studiýasy telekeçilere, fiziki şahslara we döwlet edaralaryna ýadygärlik sowgatlyklary hem-de mahabat önümlerini taýýarlamak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.Sargytlary ýerine ýetirmek müşderi bilen geljekki önümiň dizaýn taslamasy ylalaşylandan soň, örän gysga möhletiň dowamynda amal edilýär.

Harytlaryň tölegi nagt hem-de nagt däl görnüşde tölenip bilner.Mahabat Hyzmaty şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 20-nji jaý.Mahabat Hyzmaty studiýasynyň hünärmenleri bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 64) 97 62 13; (+993 63) 93 81 82.

6. Aşgabat şäher telefon ulgamy kärhanalara, dürli eýeçilik görnüşindäki kompaniýalara, guramalara we hususy telekeçilere 09 sorag-jogap gullugy tarapyndan telefon belgilerini habar bermek hyzmatyny hödürleýär. Hususan-da, bu hyzmatdan täze açylan kärhanalar, hususy dermanhanalar, dükanlar, restoranlar we kafeler, şeýle hem 09 sorag-jogap gullugynyň sanawyna maglumatlary ozal girizilmedik guramalar peýdalanyp bilerler.

Dünýäde

7. Ýaponiýa heläkçilige uçran Fukusima-1 atom elektrik stansiýasynyň reaktorlaryny sowatmak üçin ulanylan million tonnadan gowrak suwy Ýuwaş ummanyna akdyryp başlady.Suw tritiýden başga ähli radionuklidlerden arassalandy, emma häzir hem daşky gurşaw üçin howply bolmagynda galýar.

Ol kenardan bir kilometr uzaklyga suwasty ötük (tonnel) arkaly akdyrylar. Ýaponiýa her gün 500 müň litrden gowrak suwy akdyrjakdygyny we ähli işiň 30 ýyla golaý wagt dowam etjekdigini aýtdy.

8. Beýik Britaniýada Garri Potter hakynda ilkinji kitabyň J.K. Rowling tarapyndan gol çekilen örän seýrek neşiri bäsleşikli söwda (auksiona) çykaryldy. Garri Potter we Pelsepe daşy atly kitabyň ýörite neşiri 2012-nji ýylda, ilkinji Garri Potter hakyndaky eserleriň birinji tomunyň neşir edilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli çykaryldy. Kitabyň 8 müňden 12 müň funt aralygynda satylmagyna garaşylýar.

Sport habarlary

9.Türkmenistanyň Ahal topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda Özbegistanyň Pahtakor, Saud Arabystanynyň Al-Feýha we BAE-niň Al-Aýn toparlary bilen güýç synanyşar. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyry 18-nji sentýabrda başlanyp, 13-nji dekabrda tamamlanar. Ýaryşyň 1/8 finalyna Günbatar we Gündogar zolaklardan toparçalaryň 10 sany ýeňijileri hem-de öz toparçasynda ikinji orny eýelän iň oňat 6 topar çykar.

Bu AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 40 toparyň gatnaşmagynda iň soňky ýaryşy bolar.Geljek möwsümden başlap ýaryşa gatnaşýan toparlaryň sany 24-e çenli azaldylar.

10.Döwletjan Ýagşymyradow ýakyn wagtda Bellator MMA ýaryşynyň çäklerinde geçiriljek indiki söweşine taýýarlyk görüp başlady.Munuň üçin ol Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi we dünýäniň iň gowy garyşyk söweş sungaty boýunça zallaryň biri bolan American Top Team zalynda doly derejeli türgenleşik geçirýär.

Indiki söweşinde Ýagşymyradowyň garşydaşy Döwletjanyň rewanş almak isleýän iki söweşisijiniň biri Kori Anderson ýa-da Karl Albrektsson bolar. Ýagşymyradow bu ikisiniň haýsy birini garşydaş saýlanda-da, ol ähli muşdaklaryny begendirjek özüne çekiji we ajaýyp söweş görkezmegi wada berýär. Şeýle hem ol karýerasyny yzarlaýan we üstünlik arzuw edýän watandaşlarynyň goldawyna umyt baglaýar.

11.Lewerkuzeniň Baýer toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun karýerasyny dowam etdirmek üçin ýene bir mümkinçilik aldy.Azmuny düzümine goşmak ugrundaky göreşe Italiýanyň Roma topary hem goşuldy, ol ozal türkmen gelip çykyşly eýranly hüjümçini düzümine geçirmek barada teklip eden Milan bilen bäsdeşlik edýär.

Roma bilen Baýeriň arasyndaky gepleşikleriň soňky tapgyrda alnyp barylýandygy we ýakyn wagtda şertnamanyň resmi taýdan yglan edilmegine garaşylýandygy bellenilýär. 28 ýaşly Azmunyň Baýer bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli niýetlenendir.

Bu möwsümde hüjümçi möwsümden öňki türgenleşik wagtynda alan şikesi sebäpli heniz oýna çykmady.

Ýene degişli makalalar

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady, Arkadag şäherinde täze döwrebap çagalar seýilgähi gurlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Koreýa Respublikasyna baryp görer we beýleki habarlar
Türkmenistanda metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi, Aşgabatda Rus diliniň güni we Puşkiniň doglan güni belleniler, Awazada Gün elektrik stansiýasy ulanmaga berildi we beýleki habarlar
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ilkinji ýedilige girdi
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ornuny ýokarlandyrdy
Ýazyjy Joan Rouling geçen ýylda 18 million funt gazandy
“Garri Potteriň” esasyndaky mobil oýunlar döredijilere $1 mlrd girdeji getirdi