Türkmenistan Russiýa Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023 atly halkara ykdysady foruma gatnaşýar

Türkmenistan Russiýa  Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023 atly halkara ykdysady foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023 atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşýar.

Forumyň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Çäräniň maksatnamasyna onlarça sessiýalar girizildi, şol sanda, Demirgazyk-Günorta halkara ulag ugrunyň ösdürilmegine bagyşlanan mowzuga-da serediler.

Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi gatnaşýarlar.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň birnäçe resmi duşuşyklary meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde halal önümçiligine bagyşlanan Russia Halal Expo atly halkara sergisi geçirilýär. Onda Türkmenistanda öndürilen önümler hem ýerleşdirildi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СМИ
ТУРКМЕНИСТАН ГОТОВИТСЯ К УЧАСТИЮ В KAZANFORUM 2024
Türkmenistan Russia Halal Expo we KazanForum 2024-e gatnaşar
TÜRKMENISTAN RUSSIA HALAL EXPO WE KAZANFORUM 2024-E GATNAŞAR
2023-NJI ÝYLYŇ MAÝY: TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP
ТУРКМЕНИСТАН ПРЕДСТАВИЛ ПРОДУКЦИЮ НА ВЫСТАВКЕ RUSSIA HALAL EXPO В КАЗАНИ