Türkmenistan Sankt-Peterburgda geçirilen “Moda Arkalaşygy” forumynyň çäginde ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistan Sankt-Peterburgda geçirilen “Moda Arkalaşygy” forumynyň çäginde ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkidýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti şu ýylyň 1920-nji noýabry aralygynda Sankt-Peterburgda geçirilen “Moda Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.Ol Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa we daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça “Georgin” gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, biomedisina tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, keselleriň diagnostikasy we bejergisi boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem inklýuziw bilim we çagalaryň sosial goldawy ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we haýyr-sahawat gaznalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki maksatnamalary işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Saparyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa “Ermitaž” döwlet muzeýler toplumyna baryp, Türkmenistana degişli medeni miras bilen baglanyşykly ekspozisiýalary bilen tanyşdy.

Oguljahan Atabaýewa şeýle hem GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň dizaýnerleriniň täze kolleksiýalarynyň görkezilen moda sergisine gatnaşdy. Bu ýerde foruma gatnaşyjy her bir ýurduň medeni-durmuş özboluşlylygyny beýan edýän milli we döwrebap lybaslar görkezildi. Moda görkezilişinde türkmen gelin-gyzlarynyň zehininden dörän nepis keşdeler bilen bezelen milli lybaslara hem aýratyn orun berildi. Bu ajaýyp lybaslar gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

“Moda Arkalaşygy” — moda senagatyny, dokma pudagyny we dizaýn ugry ösdürmäge gönükdirilen, GDA ýurtlaryny birleşdirýän her ýyl geçirilýän halkara forumdyr.

Ýene degişli makalalar

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY
BMG Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berýär
Prezidentiň aýal doganynyň propagandasynyň ýaýbaňlanmagy ilat arasynda dürli pikir alyşmalary döretdi
Synçy: Uly Berdimuhamedow oglunyň häkimiýetini berkitmek üçin gyzyny syýasy meýdana çykarýar
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy
Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň täze agzalary jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellendi