Türkmenistan SPECA 2023 ykdysady forumyna gatnaşýar

Türkmenistan SPECA 2023 ykdysady forumyna gatnaşýar

Şu gün Bakuwda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) günleriniň çäginde ykdysady forum öz işine başlady. Oňa BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow hem gatnaşýar diýip, Report.az habar berýär.

SPECA 2023 ykdysady forumynda Maksatnama gatnaşyjy döwletleriň umumy meselelerini çözmek üçin täze strategiýalary işläp düzmek, şol sanda maksatnamanyň çäginde ynam gaznasyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.

SPECA sebitini global aragatnaşygyň merkezine öwürmek diýlip atlandyrylan forumyň maksady Maksatnamany strategik platforma öwürmekden ybarat bolup durýar.

Bu çärä Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow, Gazagystanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Abzal Abdikarimow, Gyrgyzystanyň ykdysadyýet we söwda ministriniň orunbasary Kanatbek Abdrahmanow, Täjigistanyň ykdysady ösüş we söwda ministriniň orunbasary Ahliddin Nuriddinzoda gatnaşýar, Özbegistanyň maýa goýumlary, senagat we söwda ministriniň orunbasary Badriddin Abidow, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Mariasin, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Hirohito Toda we Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler
Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Nasafyň bellige aldyran futbolçylarynyň sanawy
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy Özbegistana geldi
ПЕРЕДОВЫЕ РЕШЕНИЯ В УПРАВЛЕНИИ ГОРОДОМ АРКАДАГ