Türkmenistan studentlere pul geçirmek bilen bagly ýene bir talaby güýje girizdi

Türkmenistan studentlere pul geçirmek bilen bagly ýene bir talaby güýje girizdi

Türkmenistanyň häkimiýetleri daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplaryna pul geçirmek bilen baglanyşykly ýene bir talaby güýje girizdiler. Täze talaba laýyklykda, türkmen banklary daşary ýurtlarda bilim alýan raýatyň okuwa kabul edilendigi baradaky resminamanyň asyl nusgasyny talap edýärler.

"Banklar bu resminamany 17-nji aprelden talap edip başladylar. Ýokary okuw jaýy tarapyndan berilýän resminamanyň göçürmesi kabul edilmeýär. Onuň hökmany ýagdaýda gök möhürli, asyl nusgasy bolmaly" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 1-nji maýda aýtdy.

Azatlygyň täze talap we onuň sebäpleri barada kommentariýa almak üçin 1-nji maýda ýurduň Merkezi banky we "Senagat banky" bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýöne daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplaryna pul geçirmek bilen bagly soňky bir aýyň dowamynda ikinji gezek täze talabyň girizilmeginiň arasynda, türkmen banklarynda prokuratura barlaglary hem geçirilip başlandy.

"Banklarda student däl ýaşlara, ýagny daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okamaýan raýatlara pul ibermek boýunça galplyklaryň köpdügi aýdylýar. Pasportlar we resminamalar galplaşdyrylypdyr. Häzir bularyň ählisi barlanýar" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk bu barada şäher prokuraturasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Bellesek ýurduň banklary daşary döwletlerde okaýan türkmen studentlerine pul geçirmek bilen bagly apreliň başynda hem täze talaby güýje girizipdi. Şonda ýurduň banklary ene-atalardan daşary döwletlerde bilim alýan raýatlaryň ýanlaryndaky asyl resminamalarynyň, şol sanda pasportlarynyň we dogluş hakyndaky şahadatnamalarynyň banka getirilmegini talap edip başladylar. Bank işgärleri buýrugyň ýokardan gelýändigini dilden aýdyp, ýazmaça karary görkezmeýärler.

Türkmenistan daşary ýurtlarda okaýan raýatlaryna gara bazaryň nyrhyndan azyndan bäş esse pes bolan Merkezi Bankyň kursy boýunça kesgitli möçberdäki manady dollara çalşyp bermek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Emma indi alty ýyldan gowrak wagt bäri hödürlenýän mümkinçilikden diňe Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan sanawa girizilen daşary ýurt okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanlylar peýdalanyp bilýärler.

Mümkinçilige laýyklykda, häzirki wagtda ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna her aýda jemi 250 dollar iberip bilýärler. Bu serişdäniň 200 dollary "Western Union" pul geçirmek hyzmatlary arkaly iberilýän bolsa, 50 dollary daşary ýurtlarda okaýan raýatlaryň türkmen banklary tarapyndan berlen bank kartlaryna geçirilýär.

Geçen hepde paýtagtdaky habarçylarymyz banklaryň talap edýän asyl resminamalary sebäpli ene-atalaryň ýüzlerçesiniň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna aprel aýy üçin pul geçirmek mümkinçiligini ýitirmek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada maglumat berdiler. Şonda olar muňa daşary ýurtlardaky resminamalaryň wagtynda gelip ýetişmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdypdylar.

Aşgabatly ene-atalaryň ençemesiniň 1-nji maýda habarçymyza aýtmagyna görä, resminamalary wagtynda Türkmenistana getirmek bilen bagly kynçylyklar saklanyp galýar.

"Daşary ýurtdan bir resminamany getirtmek 100 ýewro barabar bolýar. Käbir adamlar DHL poçta hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Ýöne käte bu hyzmat arkaly hem, resminamanyň gelip gowuşmagy ençeme güne çekýär. Köp adam adaty döwlet poçtasynyň hyzmatyndan peýdalanýar. Ýöne döwlet poçtasy arkaly iberilen resminamalaryň gelip gowuşmagy has-da uzaga çekýär" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we gara bazarda dollaryň nyrhynyň Merkezi Bankyň kursundan bäş esse çemesi gymmat bolmagynyň arasynda, hökümetiň pul geçirmek mümkinçiligi ene-atalaryň aglabasy üçin uly goltgy bolmagynda galýar.

Ýöne ýurtda ene-atalaryň bu mümkinçilik bilen baglanyşykly kynçylyklary indi ençeme ýyl bäri dowam edýär. Bu kynçylyklar wagtal-wagtal ýitileşýär. Muňa häkimiýetleriň pul ibermek mümkinçiliklerini yzygiderli çäklendirmegi, täze talaplary güýje girizmegi sebäp bolýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda pul ibermek bilen baglanyşykly kynçylyklar we bularyň ene-atalara we olaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda birnäçe aý bäri ýetginjeklere içerki pasport berilmeýär
Stambul: Türkmen raýaty Şamil Gurbandurdyýewe edilen hüjümden soň onuň pasporty uzaldyldy
Öňki tussaglaryň soňky 'tussaglygy' kän sorag döredýär
Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin zenanlar ýaşy 40 geçen, dumuşa çykan bolmaly
Sürüjilik şahadatnamasyna ýüz tutýan zenanlardan Häsiýetnama we Nika şahadatnamasy talap edilýär