Türkmenistan Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

Türkmenistan  Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

Düýn 4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.

Duşenbe Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Ýokary derejeli gepleşikleriň öňüsyrasynda Milli Liderimiz Duşenbe şäheriniň Dusti meýdançasynda dabaraly ýagdaýda täjik döwletini esaslandyryjy gahrymanyň ýadygärligine gül dessesini goýdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyzy Kasri Millat köşkler toplumynyň öňündäki meýdançada täjik Lideri Emomali Rahmon mähirli garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, ikiçäk görnüşde ýokary derejeli türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň Liderleri döwrüň talaplary bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ykdysadyýetleriniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdylar.

Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň we Täjigistanyň bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri-de jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti täjikleriň milli gahrymanyny hatyralady
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi sapar bilen bardy
Türkmenistan Täjigistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär