Türkmenistan Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdep gurar

Türkmenistan Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdep gurar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň (binalar toplumynyň) taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.

Bu baradaky bildiriş türkmen metbugatynda çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44 46 64; (+993 12) 44 46 77.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep gurlar
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ SAMMITI GEÇIRILÝÄR
Resmi habarlar
Türkmenistan daşary ýurtly ýük ulaglaryna sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi, hünär synagynyň netijeleri boýunça dört sany türkmen prokurory wezipesinden boşadyldy, Täjigistanda Magtymguly adyndaky mekdep gurlar
Türkmen Ilçihanasy Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdebi gurdurar
Türkmenistanda internede bagly bolmadyk milli tor dörediler, Aşgabady Moskwa ýa-da Sankt-Peterburg şäherleri bilen doganlaşdyrmak meýilleşdirilýär, GDA ýurtlarynda Täze ýylda nähili arzuw edýärler we beýleki habarlar