Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Türkmenistan Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti raýonynda Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň taslamasy we gurluşygy üçin halkara bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşik Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan gurnalýar. Tendere gatnaşmak üçin arzalar 27-nji iýula çenli kabul edilýär.

Belleýäris, geçen ýylyň maýynda Orsýetiň Astrahan obalastynyň Priwolžsk raýonyndaky Funtowa obasynda Türkmenistan tarapyndan 190 okuwça niýetlenip gurlan mekdep açyldy.

2017-nji ýylda Özbegistanyň Horezm oblastyndaky Gaýbul obasynda türkmen mekdebi, poliklinika, çagalar bagy we birnäçe ýaşaýyş jaýy guruldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
02.11.2017 | Türkmenistan Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk
Iki ýurduň arasyndaky 'ynjyk gatnaşyklaryň' fonunda, Täjigistanda türkmen medeniýet günleri geçirilýär
Ak öý, Berdimuhamedowyň kitaplary... Türkmenler Täjigistana näme getirdi?
16.10.2018 | Türkmenistanyň döredijilik wekilýeti Täjigistanyň Hatlon oblastynyň Dusti şäherçesine baryp gördi
Dusti şäherçesinde ýaşaýan türkmenler ýurdumyzyň döredijilik wekilýetini mähirli kabul etdiler