Türkmenistan TIFA-nyň Samarkand mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan TIFA-nyň Samarkand mejlisine gatnaşdy

Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Söwda hem-de maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministr Begenç Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy diýlip, özbek elekron neşirlerinde habar berilýär.

17-nji martda geçirilen mejlis ABŞ-nyň Söwda wekilhanasynyň (USTR) we ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Söwda kanunlaryny ösdürmek maksatnamasynyň (CLDP) departamentiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti bilen birlikde, Özbegistanyň, ABŞ-nyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda, ykdysady, maýa goýum, ulag we beýleki ugurlar boýunça özara gatnaşygy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň elektron söwdasy baradaky kanunçylygyň umumylaşdyrylmagy we ýeke-täk garaşsyz arbitraž ulgamynyň döredilmegi, ýeke-täk töleg ulgamy bolan harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijiler üçin sebit meýdançasynyň döredilmegi ýaly meseleler boýunça birnäçe çäreleri görmek teklip edildi.

Oba hojalyk önümlerini, CLDP-niň hödürnamasy esasynda gümrük çärelerini we kadalaryny sertifikatlaşdyrmagyň elektron ulgamyny ornaşdyrmak, fitosanitar talaplary sazlaşdyrmak, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, sebitde zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça başlangyçlar öňe sürüldi.

Mejlisde wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryna, ikitaraplaýyn duşuşyklara aýratyn orun berildi. Mejlisiň jemleri boýunça gatnaşyjylaryň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky umumy pikiri we ara alnyp maslahatlaşylan taslamalary hem-de başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreler görkezilen umumy Beýannama kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Bilen ÝB Deňiz Türgenleşigini Geçirdi
LG diagonaly üç metrden geçýän telewizor öndürdi
Acer 120 gers ekranly we täze ses ulgamly telewizory bildiriş etdi
iPhone-da ikitaraplaýyn simsiz zarýadka peýda bolar
Dünýäniň birinji raketkasy Alkaras Astanada ýaryşyň birinji aýlawyndan gaýtdy
Ford awtoulagyň öwrüm radiusyny kiçeldýän täze özboluşly usuly işläp taýýarlady