Türkmenistan we Gresiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Gresiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky Gresiýa Respublikasynyň Hemişelik wekili Ioannis Wrailas bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-grek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Taraplar söwda dolanyşygynyň oňyn depginini we syýasy derejede alnyp barylýan yzygiderli özgerişleri belläp, soňky döwürde ikitaraplaýyn dialogyň has durnukly hem-de mazmunly häsiýete eýe bolýandygyny nygtadylar.

Duşuşykda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, şeýle hem Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli institusionallaşdyrylmagynyň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge we hyzmatdaşlygy iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän has ýokary hilli derejä çykarmaga özara gyzyklanma tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi
Türkmenistanyň ilçisi ÝK-nyň barlaglar we innowasiýalar boýunça ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistan we ÝB geljekki ýokary derejeli duşuşyklaryň gün tertibini maslahatlaşdylar
Türkmenistan we ÝB ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany