Türkmenistan we Hytaý ählitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugruny tassyklaýar

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda R.Meredow hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça çalt depginde ösýändigini we iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri energetika hyzmatdaşlygy bolup durýandygy nygtaldy we bu ugurda Gaz hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki iş toparynyň alyp barýan işiniň wajyplygy beýan edildi.

Taraplar iki ýurduň gyzyklanýan kompaniýalary bilen işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmekde täsirli gural bolup biljek Türkmen-hytaý işewürlik geňeşini döretmek mümkinçiligine hem seredip geçdiler.

Bellenilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki möhüm ugurlary maýa goýum pudagy, sanly we ýokary tehnologiýalar, himiýa senagaty we kosmos, şeýle hem oba hojalygy bolup durýar.

Söhbetdeşler ulag we logistika, şeýle hem medeni we ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi
Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Raşid Meredow Aşgabatda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi