Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

14-nji awgustda paýtagt Pnompen şäherinde Türkmenistanyň Kambojadaky ilçisi (hemişelik ýerleşýän ýeri — Kuala-Lumpur) Muhammetnyýaz Maşalow ýurduň syýahatçylyk ministri Tong Hon bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen ilçisi Türkmenistanyň Kamboja bilen syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, esasanam ASEAN-yň esasy syýahatçylyk merkezi bolan Siem-Reap welaýatyna göni uçuşlary ýola goýmak isleýändigini mälim etdi.

Kambojanyň AKP habarlar agentliginiň bellemegine görä, ilçi Syýahatçylyk ministrligini we Kambojanyň hökümetini pandemiýadan soň syýahatçylyk pudagynda işjeňligi dikeltmekde gazanan üstünlikleri bilen gutlady.

Türkmen diplomaty Kambojada we Türkmenistanda iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk mümkinçiliklerini we ugurlaryny has-da ösdürmek, şeýle hem dünýädäki milli we halkara syýahatçylaryň arasynda habarlylygy ýokarlandyrmak üçin çäreleri guramagy teklip etdi diýip, çeşme belleýär.

Tong Hon hem öz gezeginde iki ýurduň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek babatda Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldady. Ol syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany, şeýle hem Ýol kartasyny taýýarlamagy teklip etdi.

Ministriň aýtmagyna görä, Kamboja 2023-nji ýylyň ýanwar—iýul aýlary aralygynda 3,04 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi we ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 5 milliona ýetmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi: Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär
Türkmenistanyň ilçisi Kambojanyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
Kamboja bilen syýahatçylyk pudagynda bilelikdäki meýilnamalary taýýarlamak teklip edildi
Türkmenistan we Kamboja ýokary derejeli saparlary geçirmek mümkinçiligine garadylar
Malaýziýanyň Mejlisiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistana gelmäge gyzyklanma bildirdi
Türkmen diplomaty Kambojanyň Patyşasy bilen duşuşdy