Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew Merkezi Aziýa —Koreýa Respublikasy forumynyň sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Li Çon Kuk bilen duşuşdy. Duşuşyk 16-njy Merkezi Aziýa —Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda Koreýanyň daşary işler ministri Park Jiniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli koreýa wekiliýetiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäginde geçirildi.

Iki ýurduň bilim we ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda taraplar geljekki seminarlary bilelikde guramak, gözleg we ylmy ösüş, şol sanda makalalary, okuw kitaplaryny taýýarlamak, okuw esbaplary we ylmy gözleg maksatnamalaryny alyşmak, özara gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem akademiki çärelere gatnaşmaga çakylyklar ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki tarap hem ara alyp maslahatlaşmalaryň akademiki jemgyýetleriň arasyndaky möhüm meseleler boýunça ylmy pikir alyşmak nukdaýnazaryndan üstünlikli boljakdygyna umyt bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabara geçirildi
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň bilim ministri täzelendi
Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'