Türkmenistan we Malaýziýa bilim hyzmatdaşlygyny artdyrýar: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistan we Malaýziýa bilim hyzmatdaşlygyny artdyrýar: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa sapary wagtynda gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Häzirki wagtda türkmen raýatlarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga gyzyklanmasy artýar. Häzirki wagtda Malaýziýada Türkmenistandan 300-e golaý talyp okaýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we iki ýurduň paýtagtlaryny birleşdirýän howa gatnawlarynyň gaýtadan ýola goýulmagynyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem duşuşyklarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda iň gowy dört toparyň biri boldy
Türkmenistan Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen OTC Asia 2026-da energetika hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
Materiallaryň garşylygy boýunça V halkara olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany