Türkmenistan we Malaýziýa energiýa pudagyndan daşgary hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýär

Türkmenistan we Malaýziýa energiýa pudagyndan daşgary hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýär

18-nji dekabrda Kuala-Lumpurda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow malaýziýaly kärdeşi Datuk Seri Mohamad Hasan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdy. Bu barada Newscentralasia habar berdi.

Duşuşykda, esasan hem, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek üçin Bilelikdäki topary döretmek barada maslahatlaşyldy.

Malaýziýanyň Daşary işler ministrligi iki tarapyň hem nebit we gaz pudagynda däp bolan hyzmatdaşlygyndan başga ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenendigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Malaýziýanyň goranmak ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentini ýurda sapar bilen gelmäge çagyrdy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Aziýa yklymyndan DÇ ― 2026 üçin göreşi 18 ýygyndy dowam etdirer
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi AFK-nyň konferensiýasyna gatnaşdy
Türkmen kompaniýalary Kuala-Lumpurda geçiriljek halal önümleriň halkara sergisine çagyrylýar