Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy.Taraplar Petronas kompaniýasy bilen nebitgaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen bir hatarda, senagat, oba hojalygy we dokma senagaty ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýokary tehnologiýalar, tehniki we inženerçilik hyzmatdaşlygy, bank-maliýe işi hem-de şähergurluşyk pudaklary hem görkezildi.Gepleşiklerde ulag-logistika ulgamyna aýratyn üns berildi.
Türkmenistan bilen Malaýziýa Gündogar Günbatar ugry boýunça halkara ulag geçelgesini döretmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary ösdürmek meselesine hem aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen talyplarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak tejribesiniň dowam etdiriljekdigini tassyklady hem-de bu ugurda berýän goldawy üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahima minnetdarlyk bildirdi.
