Türkmenistan we Owganystan Turgundy portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistan we Owganystan Turgundy portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdy

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Kabulda Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy Maulawi Bahtur-Rahman Şarafat bilen duşuşdy. Duşuşyk iki taraplaýyn gatnaşyklary we Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol aragatnaşygy hem-de üstaşyr geçiş pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy diýip, nCa internet portaly habar berdi.

Hususan-da, Hyrat—Turgundy portunyň kuwwatyny artdyrmak, Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-owgan topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze angarlary we goşmaça şahalary gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Owganystanyň demirýol müdirliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň ilçisi Owganystanyň çäginde amaly işlere başlamak üçin ýer böleginiň kesgitlenmegi bilen gyzyklandy.

Ýadymyzda bolsa, dekabr aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hyrat welaýatyna baryp görüpdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda owgan önümleriniň sergisi geçiriler
Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik maslahaty we owgan harytlarynyň sergisi geçiriler
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Türkmen hünärmenleri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna iberilip başlandy’
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Owganystada saparda bolýar