Türkmenistan we Täjigistan bilelikdäki dokma fabriginiň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşarlar

Türkmenistan we Täjigistan bilelikdäki dokma fabriginiň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşarlar

Türkmenistan türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Täjigistanyň çäginde dokma fabrigini döretmek boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly meseläni öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin iki ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň duşuşygyny guramaga taýýar.

Bu barada Duşenbede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzadanyň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, ozal, 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbede geçirilen iki ýurduň eksport harytlarynyň sergisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda Täjigistanyň telekeçileri türkmen dokma önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler. Şonda Täjigistan Respublikasynyň Hökümetinde geçirilen duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dostlukly döwletiň çäginde dokma fabrigini döretmek boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine garamaga taýýarlyk tassyklanyldy.

Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparynyň işine, şeýle hem Türkmen-täjik işewürler geňeşine möhüm orun berilýär.Bu barada TDH ýazýar.

Ýene degişli makalalar

2023: Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda $120 milliona golaýlady
Türkmenistanyň we Täjigistanyň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak meselesine garalýar
Türkmenistanyň Prezidenti täjikleriň milli gahrymanyny hatyralady
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana geldi
Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy