Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi

Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi

23-nji iýulda Tokioda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň Başlyklary Serdar Berdimuhamedowyň we Hiroýuki Subaýyň hem duşuşygy geçirildi, oňa şeýle-de Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Olaryň arasynda Itochu Corporation, Mitsubishi Corporation, Sumitomo Corporation, Sojitz Corporation, Marubeni Corporation, Komatsu Ltd we Kawasaki Heavy Industries kompaniýalarynyň wekilleri bardy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň berk syýasy erkiň, ykdysady mümkinçilikleriň we taraplaryň özara düşünişmekleriniň netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar.

Energetika, mineral serişdeleriň çykarylmagy, himiýa senagaty, ulag, agrosenagat toplumy we beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.Taraplar şonuň ýaly-da ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda geljekde taraplaryň ikisi tarapyndan hem Orta we Ýakyn Gündogar sebitleri, Hazar, Gara we Ortaýer deňizleriniň basseýnleri bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde işjeň ulanylyp bilinjek häzirki zaman senagat-tehnologiýa infrastrukturasynyň döredilmeginiň meseleleri bilen bir hatarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň strategiki ugurlaryna hem aýratyn üns berdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça bank we maliýe, şeýle-de ulag hem-de ýol tehnikasy ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy
Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan we Ýaponiýa ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa iş sapary
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
РАБОЧИЙ ВИЗИТ ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ МИЛЛИ ГЕНГЕША ТУРКМЕНИСТАНА В ЯПОНИЮ