Türkmenistan ýabany tebigatyň goraglylygyny güýçlendirmek üçin “CITES” konwensiýasyna goşuldy

Türkmenistan ýabany tebigatyň goraglylygyny güýçlendirmek üçin “CITES” konwensiýasyna goşuldy

Türkmenistan Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakyndaky konwensiýa (CITES) resmi goşulan 185-nji ýurt boldy. Goşulmak hereketi 2025-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan güýje girip, ol Merkezi Aziýada ýabany tebigatyň söwdasyna gözegçiligi berkider hem-de biodürlüligiň goralyp saklanylmagyna şert döreder. Bu barada “CITES” konwensiýasynyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Tebigy landşaftlaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýän Türkmenistan Aziýa gulany, şa bürgüdi we pars gaplaňy ýaly Gyzyl kitaba girizilen köpsanly görnüşleriň mekanydyr.Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow ýurduň bu konwensiýa goşulmagynyň onuň ýabany tebigaty goramaga ygrarlydygyny we bu ugurda “CITES” konwensiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny görkezýändigini belledi. “Türkmenistan ýabany tebigaty gormaga gönükdirilen ähli halkara konwensiýalara goşuldy diýen ýaly” diýip, ol aýtdy.

“CITES” konwensiýasynyň II goşundysyna girizilen algyr guş ýaly görnüşleri goramak konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek 20-nji maslahatynda (CoP20) ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň biri bolar.

“CITES” konwensiýasynyň Baş sekretary Iwonn Higero Türkmenistanyň bu ädiminiň möhüm ähmiýetini we konwensiýanyň halkara giňişlikdäki täsiriniň artýandygyny belledi.

1973-nji ýylda döredilen “CITES” konwensiýasy ýabany haýwanlaryň we ösümlikleriň 40 müň 900-den gowrak görnüşiniň halkara söwdasyna gözegçiligi we olary bikanun söwdadan goramaklygy üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Samarkantda geçirilen CMS COP 14 maslahatyna gatnaşdy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti banklaryň ýolbaçylaryna käýinç yglan etdi
Türkmenistanda keselçilik, ölüm, keselhana barýanlar rentgen edilýär, bokurdakdan test nusgasy alynýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda