Türkmenistan “ÝBMerkezi Aziýa: Owganystan boýunça dialogynda” parahatçylyk başlangyjyny hödürledi

Türkmenistan “ÝBMerkezi Aziýa: Owganystan boýunça dialogynda” parahatçylyk başlangyjyny hödürledi

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow çarşenbe güni Brýussel şäherinde geçirilen “Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa: Owganystan boýunça dialogyň” 7-nji mejlisine gatnaşdy. Ilçi duşuşykda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna esaslanýan parahatçylyk başlangyjyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Sapar Pälwanow Owganystandaky durnuklylygyň ýurduň ykdysady ösüşi, sebitara integrasiýasy hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen infrastruktura taslamalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtady.

Mejlisde sebit ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň wekilleri durnukly ösüş, ynsanperwer goldawy we sebitara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisiň öňüsyrasynda ilçi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduard Stipraýs we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Žil Bertran bilen iş duşuşyklary geçirdi.

Ýewropa tarapy Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa: Owganystan boýunça dialogyň” sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde ähmiýetini belläp, sebit ýurtlarynyň durmuşa geçirýän başlangyçlaryna gyzyklanma bildirdi.

Mejlisde hususan-da, Merkezi Aziýany Günorta Aziýa bilen baglanyşdyrjak iri energetika taslamasy bolan TOPH gaz geçirijisi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilmeginiň artdyrylmagy ýaly beýleki energetika we ulag infrastruktura ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň ahyrynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy, serhetara gatnaşyklary we energetika, ulag hem-de suw serişdeleri babatyndaky taslamalary ösdürmek boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýarlygyny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Owganystan boýunça ÝBMerkezi Aziýa dialogyna gatnaşdy
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
Delor: ÝB-Merkezi Aziýa duşuşygynda Adam hukuklary we metbugat azatlygy ileri tutulmaly 
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda wekilhanasyny açar