ÇTPZ topary (Çelýabinskiniň trurboprokat zawody, Orsýet) “Türkmengaz” döwlet konserniniň TOPH gaz geçiriji magistralyna turba ibermek barada eden tenderinde ýeňiji boldy diýip, “Gündogar” neşiri Finam.ru neşirine salgylanyp habar berýär.
ÇTPZ Türkmenistana gaz geçirijiniň gurluşygynyň 214 kilometrine ýetjek turba iberer. Ylalaşygyň möçberi $219 mln bolup, bu serişde Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankyna Yslam ösüş banky tarapyndan berilýär.
Ýatladýarys, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen gaz kompaniýasynyň Saud Arabystanynyň “Global Pipe Company” kompaniýasy bilen TOPH üçin polat turbalary ibermek hakynda şertnama baglaşandygyny aýdypdy.
Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasy bu turbalary satyn almak üçin $40 mln serişde goýberipdi.
