Türkmenistan Ýeňiş gününi nähili belleýär?

Türkmenistan Ýeňiş gününi nähili belleýär?

Türkmenistanda 9-njy maý senesi II Jahan urşunyň 1945-nji ýylda tamamlanmagy mynasybetli Ýeňiş baýramy hökmünde bellenip geçilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni rus kärdeşi Wladimir Putiniň çakylygy boýunça ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby parada gatnaşdy.

Ukrainada bir ýyldan gowrak wagt bäri esassyz çozuşyny dowam etdirýän Russiýa Putiniň ýolbaşçylygynda II Jahan urşunyň dört ýylyny Beýik Watançylyk urşy hökmünde dabaralandyryp, öňki sowet giňişliginde, şol sanda post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlarynda umumy taryhy wagyz etmekde ulanýar.

Türkmenistanda 9-njy maý senesi resmi taýdan “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş güni” atlandyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde geçirilýän baýramçylyk çäreleri barada habar berýärler.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Harby-deňiz institutynda Ýeňiş güni mynasybetli sişenbe güni irden harby ýöriş we baýdak götermek dabarasy geçirildi. Şeýle-de, hazarýaka şäheriň medeniýet işgärleri Awazanyň medeniýet ojaklarynyň birinde uruş hakydasyna bagyşlanan teatr oýunlaryny sahnalaşdyrýarlar.

Mary welaýatynyň administratiw merkezinde ýerleşýän Kemine teatrynda hem Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri guramalaşdyryldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu çärelere döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň hatda çagalar baglarynyň körpeleriniň hem mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylandygyny habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Mary sebitindäki ikinji habarçysy 9-njy maý güni irden şäherdäki Baky ot ýadygärligine gül desselerini goýmak çäresini geçirmek üçin, Mollanepes köçesiniň ýapylandygyny habar berdi.

“Elmydama bolşy ýaly, ol ýere diňe býujet edaralarynyň işgärleri we studentler eltilýär. Ýerli ýaşaýjylar beýle çärelere asla gatnaşmaýarlar” diýip, bir maryly býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, hukuk goraýjy edaralaryň Balkan şahamçasynyň işgärleri Ýeňiş güni mynasybetli öz aralarynda adam başyna 50 manatdan pul toplap, uruş weteranlaryna we tylda zähmet çeken adamlara sowgat gowşurmagy kararlaşdyrdy. Häkimiýetler şeýle maksatlardan ugur alyp, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden hem 50 manatdan, şol sanda medeniýet işgärlerinden 60 manatdan pul toplady.

Býujet işgärlerinden ýygnalan pullaryň bir böleginiň şäherde ýeňiş baýramy mynasybetli ataryljak “toý gazanlarynyň” harajatlaryna sarp ediljekdigi, bir böleginiň bolsa, uruş weteranlaryna niýetläp, sowgatlyk harytlary satyn almaga harçlanjakdygy aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti ýaňy-ýakynda II Jahan urşunyň türkmenistanly weteranlarynyň her haýsyna 200 manat, ýagny takmynan 10 amerikan dollaryny sowgat hökmünde gowşurmak barada karara gol çekdi.

Balkanly kanun goraýjylar uruş weteranlaryna telewizor we egin-eşik ýaly sowgatlyk harytlary satyn alyp bermekçi bolýarlar.

Türkmenistanda Jahan urşundan aman galan weteranlaryň takyk sany aýdylmaýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Balkan welaýatyndaky uruş weteranlarynyň umumy sanynyň 15 adam, tylda zähmet çeken adamlaryň umumy sanynyň bolsa 250 adam töwereginde çaklanýandygyny habar berýär.

II Jahan urşunda 20 million töweregi sowet raýaty pida boldy.

Ýaranlyk güýçleriniň nazi goşunlaryndan üstün çykmagynyň yz ýany, sowet giňişliginde uruş we ýeňiş propagandasy ýaýbaňlandyryldy.

Sowet häkimiýetleriniň güýçli depginde alyp baran uruş we ýeňiş propagandasy, post-sowet Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda uruşda gazanylan ýeňşiň dabarasyny diri saklady.

Sowet Soýuzynyň 1991-nji ýylda dargamagynyň yz ýany, Türkmenistan birnäçe öňki sowet respublikalary bilen bir hatarda 9-njy maý gününi ýeňiş baýramy hökmünde gutlamagy dowam etdirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli synçylar täze nesliň uruş we ýeňiş propagandalaryna bitarap ýetişendigini aýdýarlar.

“SSSR-iň propagandasy diňe Stalin ýaly ganhor diktatorlary’ öwüp, tutuş nemes halkyny halka ýigrenji görkezip, adamlaryň aňyny zäherlän ekeni” diýip, bir ýerli synçy aýdýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan bir uruş weteranynyň halyndan habar aldy. Redaksiýa weteranyň şahsy maglumatlaryny aýan etmekden saklanýar.

“Weteran aganyň demi gysýar, ýüreginde-de kemi bar. Ýata kesel. Saç-sakgaly [bu ýakynda] dellek görmändir. Döwletden alýan pensiýasy derman serişdelerini satyn almaga we hojalygy aýlamaga ýetmeýän ekeni. Ol agtyklarynyň elinde ýaşaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Türkmenbaşyly ýaşaýjylar dowam edýän “gymmatçylyk döwründe” ilatyň aýlyk girdejileriniň, şol sanda weteranlaryň pensiýalarynyň güzeran aýlamaga ýetmeýändigini aýdýarlar.

“Uruş weterany maliýe ýagdaýy pes bolan maşgalada kesel halda, horluk çekip dermana pul tapmany oturan ekeni” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy az sanly uruş weteranlarynyň biri bolan balkanly ýaşaýjynyň halyndan habar berdi.

Ýerli synçylar geçmişden sapak alyp, geljege taýýarlanmagyň ähmiýetini nygtaýarlar.

“Biz indi bakna bolmaz ýaly, taryhymyzy ýatdan çykarmaly däl, geçmişi hormatlap, geljege nazar aýlamaly” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy nobatdaky ýeňiş baýramynda geçen ýyllar bilen deňeşdirilende baýramçylyk çäreleriniň we konsertleriniň has köpelendigini habar berýär.

Geçen iki ýylyň dowamynda koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen karantin düzgünleri köp ýurtda köpçülik çärelerini çäklendirdi.

Bu aralykda, Aşgabadyň Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde her ýyl geçirilýän “Ölümsizler polky” atly ýöriş bu ýyl hem geçirilipdir.

Azatlygyň habarçylary bu ýyl IMO sosial ulgamynyň türkmen segmentinde köp sanly ulanyjylaryň II Jahan urşuna gatnaşan ata-babalarynyň suratlaryny paýlaşýandyklaryny habar berýärler.

Türkmenistanda II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň dabara bilen şöhratlandyrylmagy Sowet Soýuzynyň kanuny mirasdüşeri bolan Russiýanyň post-sowet Ukraina goşun girizip, parahat ilaty nyşana alýan wagtyna we post-sowet Merkezi Aziýa liderleriniň ýeňiş mynasybetli Moskwada geçirilýän harby parada gatnaşyp, Putiniň esassyz harby çozuşy aklamaga synanyşýan çykyşlaryny üns bilen diňleýän wagtyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO-nyň Baş sekretary Russsiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi
NATO-nyň Baş sekretary Russsiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi
DÖM boýunça Halkara olimpiadada türkmen talyplary birinji orunlaryň ikisini eýelediler
MHG Türkiýäniň Haklarynyň we Bähbitleriniň Hukuk Kadalaryna Laýyklykda Goraljakdygyny Beýan Etdi