Türkmenistan ykdysadyýet azatlygy we korrupsiýa derejelerinde ýene-de yzda süýrenýär

Halkara Aýdyňlyk guramasy, “Transparency International” 2018-nji ýylyň netijeleri boýunça ýyllyk “Korrupsiýa görkezijilerini” çap etdi.

Türkmenistan reýtingde 180 ýurduň arasynda 162-nji orny eýeledi we öňki SSSR-iň respuiblikalarynyň arasynda iň ýaramaz görkezijilere eýe bolup çykdy.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň, geçen ýylky reýtingi bilen deňeşdirilende, öz ornuny biraz gowulandyrandygyny, sebäbi geçen ýyl Aşgabadyň korrupsiýa görkezijilerinde 167-nji orunda bolandygyny bellemek gerek.

Baha bermek üçin 0-dan 100-e çenli ball berilýär we 0 korrupsiýanyň iň ýokary derejesini, 100 iň pes derejesini aňladýar. Türkmenistan 20 ball toplady.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi yzda süýrenýär. Gazagystan 124-nji orunda, Gyrgyzsytan 132, Täjigistan 152, Özbegistan 158-nji orunda durýar.

Reýting garaşsyz guramalaryň dünýä boýunça ekspertler we telekeçiler bilen geçirýän pikir soramalary esasynda taýýarlanylýar.

“The Heritage Foundation” guramasy hem “2019-njy ýylyň Ykdysady azatlyklar indeksini” çap etdi. Türkmenistan bu hasabatda 48,4 ball toplap, 180 ýurduň içinde 164-nji orny eýeledi.

Bellenmegine görä, hökümetiň baş maksady nebit-gaz önümlerini ýerlemegiň alternatiw bazarlaryny gözlemek bolup durýar.

Ekspertler ýuridki netijelilik we inwestisiýa azatlyklary boýunça käbir ilerlemeleri bellediler, Emma, ýurt öňküsi ýaly, ykdysady krizisde bolmagynda galýar we ilat azyk importyndaky problemalar sebäpli haryt gytçylygyna uçrady, ýerli walýutanyň hümmetiniň aşak gaçmagy dowam edýär, emläk hukugy hakykatda ýok diýerlik we bu ýagdaý hususy pudakdaky işjeňligi düýpli çäklenädirýär.

Ýene degişli makalalar

Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Türkmenistan regionda korrupsiýa boýunça öňe çykdy
Täze hasabata görä Türkmenistan korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri boýunça dünýäde iň öňdäki orunda
Köneürgençde aramgähleriň müjewürleri we käbir din wekilleri korrupsiýada aýyplanyp tussag edildi  
Korrupsiýa boýunça halkara hasabatda Türkmenistan regionda iň yzdaky orny eýeledi
Korrupsiýa boýunça halkara hasabatda Türkmenistan regionda iň yzdaky orny eýeledi