Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşdy

Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisi öz işini tamamlady.Oňa bu guramanyň agzasy bolan 196 döwletiň, takmynan, 3000 wekili gatnaşdy.Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna 25 sany täze desganyň goşulmagy barada karar kabul edildi.

Olaryň 19-sy medeni, 5-si tebigy, ýene-de biri bolsa tebigy-medeni häsiýetli Gresiýadaky Olimp dagynyň sebiti boldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisiniň jemleri boýunça Pusan Jarnamasy kabul edildi.

Komitetiň nobatdaky 49-njy mejlisiniň başlygy wezipesine Türkiýäniň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, ilçi Mustafa Ýurdakul saýlandy.Mälim bolşy ýaly, 49-njy mejlis 2027-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 7-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde geçiriler.

Geçirilen mejlisde ýurdumyza ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa hem-de Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew wekilçilik etdiler.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşýar
Azerbaýjan we Türkmenistan mata böleklerinden gurama guramak sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürleýär
TÜRKMENLERDE DÜÝE BEZEMEGIŇ GADYMY DÄPLERI
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar