Türkmenistana $90 millionlyk “Toyota” awtoulag tehnikalary getirilýär

Türkmenistana $90 millionlyk “Toyota” awtoulag tehnikalary getirilýär

Deslapky bahasy 90 million ABŞ dollary bolan “Toyota” kompaniýasynyň awtoulag tehnikalaryny, şeýle-de “Komatsu” kompaniýasynyň bahasy 470 million ABŞ dollaryndan hem köp bolan ýer gazyjy tehnikalaryny Türkmenistana ibermek baradaky Baş ylalaşygyň durmuşa geçirilýändigi barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdäniň sişenbe güni Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygyň dowamynda aýtdy.

Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Bu duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýa iş saparynyň çäginde geçirildi.

Duşuşyga Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd”, “Komatsu Ltd” kompaniýalarynyň, “ITOCHU”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Sojitz”, “JGC” korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy gatnaşdylar.

Şeýle-de taraplar Türkmenistanda nebit we dökün önümlerini öndürýän desgalaryň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna garadylar.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 38 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy
Türkmenistan we Ýaponiýa ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler
Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa iş sapary
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
Türkmenistanda täze nebit we dökün önümçilik zawodlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär