Türkmenistana getirilýän we üstaşyr geçirilýän ulag serişdeleri üçin tölegler kesgitlendi

Türkmenistana getirilýän we üstaşyr geçirilýän ulag serişdeleri üçin tölegler kesgitlendi

Türkmenistana daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagy düzgünleşdirmek we ulaglar ulgamynyň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyga (Aşgabat Ylalaşygyna), Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyga) agza döwletlerden ýa-da bu döwletleriň üsti bilen daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, daşary ýurt döwletleriniň tirkeg çekiji awtomobili ulanylmadyk ýagdaýynda, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.

Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Ýene degişli makalalar

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Halkara ýük daşamalary üçin tölegler we ýygymlar kesgitlendi
Ýük daşamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, alynýan ýygymlar hem-de tölegler bellenildi
Ýük daşamagy düzgünleşdirmek maksady bilen, alynýan ýygymlar hem-de tölegler bellenildi
Türkmenistanda ýük daşamakda alynýan ýygymlar we tölegler kesgitlenildi
Türkmenistanyň Prezidenti halkara gatnawler üçin ýygymlary kesgitlemek baradaky Karara gol çekdi