Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurulmagy meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurulmagy meýilleşdirilýär

“Hazar güýji” hususy kärhanasy Türkmenistanyň döwlete degişli kärhanalary we Hytaýyň kompaniýalary bilen bilelikde Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ammiak we karbamid öndürýän täze zawody gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Hazar güýji” hususy kärhanasynyň müdiriniň orunbasary Serdarmämet Täçmämedow “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän zawodyň önümçilik kuwwaty bir günde 1200 tonna ammiak we 1950 tonna granulirlenen karbamid öndürmäge mümkinçiligi bolar.

Kuwwatlygy şu zawoda meňzeş desgalar Ýakyn Gündogarda we Aziýada giňden işledilýär. Muňa mysal hökmünde Mary welaýatynda ýerleşýän "Marykarbamid" zawodyny görkezip bolar.

“Hazar güýji” hususy kärhanasynyň müdiriniň orunbasary çig malyň elýeterli ýeri göz öňünde tutulyp, zawodyň guruljak ýeriniň saýlanylandygyny aýtdy. Şeýle hem Serdarmämet Täçmämedow önümçilik üçin bu zawodda ýylda 450-500 million kub metr tebigy gazyň sarp ediljekdigini aýtdy.

Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Chengda Engineering Co., Ltd” bu taslamany amala aşyrmakda enjamlary taslamak we üpjün etmek boýunça baş potratçy hökmünde çykyş edýär.

Şeýle hem “Hazar güýji” hususy kärhanasy Türkmenistanyň döwlete degişli kärhanalary we Hytaýyň kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenistanyň günbatarynda tehniki uglerod öndürmek üçin desgalary gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

15.10.2019 | Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy
20.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti senagat - kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
HIMIÝA ÖNÜMÇILINIŇ ÇIG MAL ÜPJÜNÇILIGI BERKIDILÝÄR
INNOWASION ÖSÜŞLER ‑ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERIň BINÝADY