Türkmenistanda aýallaryň sürüjilik şahadatnama almagy kynlaşdy

Türkmenistanda aýallaryň sürüjilik şahadatnama almagy kynlaşdy

Türkmenistanly zenanlaryň awtoulag sürmek üçin resminama edinmek mümkinçiligi ýene-de çäklendirildi. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy ýerli awtoulag sürüjileri taýýarlaýan mekdeplerdäki ýagdaýlar we zenanlaryň duçar bolýan kynçylyklary barada habar berýärler.

Balkanabat şäherinde awtoulag sürüjilerini taýýarlaýan mekdepler sürüjilik şahadatnamasyny bermekde zenan raýatlary kösemegini dowam edýärler diýip, ýerli çeşmeler her 1-nji we 5-nji günleri hereket synaglaryndan aýal-gyzlaryň tas hemmesiniň geçirilmeýändigini habar berýärler.

"Her tapgyrda ähli etraplardan ýaşy 40-dan geçen 20-ä golaý zenan Balkanabat awtomekdebe okamaga kabul edilýär. Emma olaryň içinden diňe 1 ýa 2 zenan sürüji şahadatnamasyny almagy başarýarlar. Galan 18 zenan diňe wagtyny we puluny boş ýitirýärler" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Çeşmeler bu, zenanlaryň awtoulag sürmäge ukypsyzlygy däl-de, eýsem zenanlaryň resminama almazlygy üçin döredilýän emeli päsgelçilikler bilen bagly diýýärler. Olar soňky ýylyň dowamynda sürüjilik şahadatnamasyny alýan zenanlaryň öňküsinden köpelendigini belleýärler.

Bäş ýyla golaý uzaga çeken arakesmeden soň 2022-nji ýylda aýallara sürüjilik resminamasy çäkli görnüşde berlip başlandy. 2023-nji ýylyň başyndan bäri sürüjilik mekdeplerine girmek üçin zenanlaryň ýaşy 41-den ýokary bolmaly edildi, şeýle-de, olardan nika hakyndaky şahadatnama we iş ýerinde häsiýetnama talap edildi.

Emma çeşmeler şondan soň şahadatnama edinen zenanlaryň sanynyň öňküsinden köpelen wagtynda jogapkär polisiýa wekilleriniň birnäçesine jeza berlendigini gürrüň berdiler.

"Geçen ýyl birnäçe zenana sürüjilik şahadatnamasyny berendigi üçin awtomekdepde 12 aýyň dowamynda 2 müdir jenaýat jogapkärçilige çekilip, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Şonuň üçin ýerli resmiler gorkup, zenanlara sürüjilik şahadatnamasyny bermeýär. Şu sebäpden aýal-gyzlara şu wagt hatda para berip, hem prawa almak tas mümkin däl" diýip polisiýadaky çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy Balkanabadyň sürüjilik mekdebiniň wekillerinden bu ýagdaýlar barada resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Zenanlaryň arasynda sürüjilik şahadatnamasyny almak islegi ýokary bolmagynda galýar. Dürli býurokratik böwetlere garamazdan, sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin aýal-gyzlar yzly-yzyna welaýat merkezine gatnamaly bolýarlar.

"Sürüjilik şahadatnamasy diňe welaýat merkezi - Balkanabatda berilýär. Gyzylarbat we Türkmenbaşy şäherlerindäki awtomekdepler ýapyldy. Bu, raýatlaryň goşmaça wagtyny we puluny ýitirmek ýaly uly kynçylyk we kösençlik döretdi, paranyň artmagyna getirdi" diýip, ýerli çeşmeleriň ýene biri aýdýar.

Bu aralykda sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan ulag dolandyrýan gelin-gyzlaryň sany köpelipdir.

"Olar ýol polisiýasynda, MHM-da ýa-da beýleki kanun goraýjy edarada arkasy bar bolan gelin-gyzlar. Olary ýol polisiýasy tanaýar we görmedik bolup, göz ýumýar" diýip, welaýat polisiýa edaralaryndaky ýagdaýdan habarly balkanly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Başga bir balkanly çeşme arkasynda tanyşy bolmadyk zenanlaryň ulag sürmek hukugynyň gödek depelenýändigini gürrüň berip, ýol polisiýasynyň ulag sürýän zenanlara gysyş edýändigini gürrüň berdi.

"Sürüjilik şahadatnamasy bar bolan aýal gyzlara agyr jerimeler ýazylyp, olary ýol polisiýasynda synagdan geçmäge mejbur edýärler. Polisiýa işgärleriniň arasynda 'şäherde erkin ulag hereketlendirjek bolsaň, meniň bilen jynsy ýakynlykda bol' diýip teklip edýänler hem bar" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Polisýa işgärleriniň sürüjilik şahadatnamasynyň öwezine käbir aýallara jynsy gatnaşygy teklip etmegi bilen bagly ýagdaýlar öňem bolupdy.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Mary we Daşoguz welaýat bölümleriniň wekilleriniň sürüjilik şahadatnamalaryny çykaryp bermegiň öwezine aýal-gyzlardan para-peşgeş talap edýändigi, kä halatlarda olary jynsy gatnaşyga çeşýändigini, bu welaýatlaryň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Ýurduň kanunlarynda kepil geçilýän gender deňliginiň doly berjaý edilýändigini öňe sürýän türkmen resmileri zenanlaryň awtoulag sürmeginiň çäklendirilmegi barada diňe bir gezek resmi düşündiriş berdiler.

2023-nji ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň Ženewada geçiren uniwersal döwürleýin synynyň 44-nji mejlisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew "ýurtda hiç bir ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köpsanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny" aýtdy.

Türkmen polisiýasy 2017-nji ýylda zenanlaryň sürüjilik dokumentlerini eden-etdilikli ellerinden alyp başlady, we şondan soň ýurtda birnäçe ýyllap zenanlara sürüjilik dokumentini bermekden ýüz öwrüldi.

Bu ýagdaýlar döwlet mediasynda agzalmaýarka türkmen jemgyýetinde, şol sanda sosial mediada uly diskussiýa döredýär.

Soňky döwürde sosial media platformalarynda ulag sürüp barýan zenanlaryň wideolary köpeldi. Köplenç şäheriň daşynda, çöllük ýerlerde dürli ýaşyndaky aýal gyzlar, özleriniň awtoulag sürýändigine ünsi çekip, öz begençlerini açyk beýan edýärler. Soňky aýda birden köpelen şeýle wideolar duýdansyz gysga wagtda öçürildi we olary çap edenler tarapyndan muňa düşündiriş berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Nepaldaky protestler türkmen ýaşlaryny syýasy çekişmelere çekýär - çeşmeler
Balkanda un gytçylygynyň MHM 'baglanyşygy' derňelýär - çeşmeler
'Ýaşamak isleýärin': 2025-iň başyndan bäri azyndan 122 türkmen raýaty Russiýanyň goşunyna hakyna tutuldy
MHM daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň maşgalary üçin wagyz işlerini geçirýär
Balkanda mejbury pagta ýygymynyň gerimi "ozal görlüp-eşidilmedik derejä" ýetdi
Türkmenistanda LGBTQ azlyklaryny ýetginjekleriň arasynda anyklamak boýunça çäre geçirilýär