Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilýär we türkmen halky bu baýramy giňden belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
“Ýeňiş güni parahatçylygyň hem-de dost-doganlygyň beýik baýramydyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda bu şöhratly baýramçylyga bagyşlanan çäreleriň agzybirligimizi we jebisligimizi, eziz Watanymyza, parahat durmuşa bolan milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn” diýip Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti 1941 — 1945-nji ýyllarda adamzadyň görlüp-eşidilmedik kynçylyklar we agyr ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.
“Doganlyk halklar bilen birlikde, Türkmenistanyň ilaty hem bitewi güýje öwrülip, faşizmiň garşysyna gahrymançylykly göreşde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan edermenligiň belent nusgasyny görkezdi. Gerçek watandaşlarymyzyň müňlerçesi bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmagy ugrunda deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň, belent adamkärçiligiň, sarsmaz watansöýüjiligiň nusgawy mekdebini döretdi” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Şeýle hem Ýeňiş güni mynasybetli Bekrewedäki ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi we ýurduň ähli künjeginde aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.
